Добавить новость
123ru.net
World News
Май
2023

Aşgabadyň gijeki klublarynda polisiýa reýd geçirdi

0
Aşgabadyň polisiýasy soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagtyň gijeki klublarynda reýd geçirdi. Şeýle hem paýtagtda kafeleriň we restoranlaryň iş wagty çäklendirildi, çäklendirmeler azyk eltip berýän hyzmatlar-da täsir etdi.


Hepdäniň dowamynda "Hoşal", "Aşgabat", "Paytagt", "Lemon" ýaly birnäçe klubda reýd geçirildi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, barlaglar 24-nji maýda başlandyr. Polisiýa we gözegçilik edaralary özleriniň "ýokardaky buýruklara" laýyklykda hereket edýändiklerini aýdypdyr.


Bu aralykda çäklendirmeler azyk ugrundan iş alyp barýan kärhanalara hem degişli boldy. Kafeler, azyk dükanlary we azyk önümleri bilen üpjün edýän hyzmatlara agşam sagat 9-dan soň işlemek gadagan edildi.




Çeşmeler, bu çäklendirmeleriň hepdäniň ahyryna çenli dowam etjegini aýtdylar.


Barlaglaryň sebäbi entek aýdyňlaşdyrylmady. Gijeki klublara edilen reýdler we restoranlara we kafelere girizilen çäklendirmeler orta mekdepleriň soňky jaň dabarasyna we uçurymlara mekdebi gutardyş dabarasyny bellemegiň gadagan edilmegine gabat geldi. 25-nji maýda mekdebi gutardyş dabarasy Aşgabat gününe hem gabat geldi.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary uçurymlaryň gutardyş dabarasyny bellemezlikleri üçin 25-nji maýda kafelere we restoranlara ýaşlary kabul etmegiň gadagan edilendigini habar berdiler. Şol gün diskotekalar hem ýapyldy.


Bu ýylky soňky jaň dabaralary berk çäklendirmeler we howpsuzlyk çäreleriň berjaý edilmegi bilen geçirildi. Polisiýa Aşgabadyň köçelerinde patrullyk etdi. Polisiýa awtoulagly köçelerde aýlandy, polisiýa toparlary ýollarda awtoulaglary saklap, barlady, şäheriň ýaşaýjylaryna agşam sagat 9-dan soň köçä çykmagyň gadagandygy barada duýduryş berildi. Häkimiýetleriň aýratyn ünsi şäher seýilgählerine hem gönükdirildi. Bäş aýak ýadygärligiň ýerleşýän seýilgähi, Aşgabat seýilgähi we beýlekiler polisiýanyň gözegçiligi astynda boldy.


"Agşam 10-dan soň köçelerde hiç kim diýen ýaly ýokdy. Ýollarda wagtal-wagtal ýük ulaglaryny ýa-da ýörite belgili awtoulaglary görmek bolýardy" - diýip anonim gürleşen çeşme aýtdy.




Habarçylar bu çärelerde esasy ünsüň ýaşlara gönükdirilendigini olara şäherden çykýan ýollarda hem gözegçilik edilendigini aýtdylar. Şeýlelik bilen, okuwyň gutarandygyny şäheriniň daşynda bellemäge synanyşan ýaşlar hem öz planlaryny ýerine ýetirip bilmediler.


Bu aralykda, ýaşlar bilen baglanyşykly birnäçe heläkçilik barada belli boldy. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, hadysalaryň birinde bilim edaralarynyň biriniň uçurymy awtoulag sürüp barýarka uklap, heläkçilige uçrapdyr, beýlekisinde mekdep okuwçylarynyň bir topary derman serişdeleriniň ulanylmagy zerarly keselhana düşüpdir.


Mundan öň mekdeplerde ýaşlara okuwyň gutarmagyna degişli dabaralara gatnaşmak gadagan edilipdi.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net