Добавить новость
123ru.net
World News
Май
2023

Maryda oba ýaşaýjylaryndan surata düşmek, barmak yzlaryny tabşyrmak we harby gullugy berjaý edendigi hakynda resminama talap edilýär

0
Maryda, oba ýaşaýjylary ýaşaýan ýerinden resminama almak üçin surata düşmeli, barmak yzlaryny tabşyrmaly we goşmaça maglumat bermeli. Häkimiýetler tarapyndan ýokardan gelen buýruk hökmünde düşündirilen bu täze talap daşary ýurt pasportyny almak üçin uly nobatlaryň, ilat arasynda ýurtdan gitmek islegleriň saklanýan we ýurtdan migrasiýa akymynyň ýokarlanýan wagtynda ýüze çykdy.


Mary welaýatyndaky obalaryň ýaşaýjylary, ýaşaýan ýerinden zerur resminamany almak üçin indi surata düşmelidigini we barmak yzyny tabşyryp, başga-da birnäçe talaplary ýerine ýetirmelidigini bilip galdylar. Erkek raýatlar harby bölümlerden gullugy berjaý edendigi hakynda hem resminama getirmeli.


Ýerli habarçylaryň we Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, bu täze talap barada habar ilata resmi görnüşde berilmändir. Köpler bu barada diňe ýaşaýan ýerinden resminama gerek bolanda bilip galypdyr. Şeýle kagyzlary berýän jaý dolandyryş we beýleki edaralaryň işgärleri talaby ýokardan gelen görkezme bilen düşündirýärler.




"Köp adam ýaşaýan ýerinden resminama almak üçin ýüz tutanda şeýle talabyň bardygyny bildi. Öý dolandyryş edarasynda raýatlaryň pasportynda ýörite möhür bolmasa, mundan beýläk resminama berilmejekdigi we munuň üçin talaplary ýerine ýetirmelidigi aýdylýar" diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi aýtdy.


Habarçynyň sözlerine görä, talaplaryň ýerine ýetirilmegi maliýe çykdajylaryny hem öz içine alýar. 1 surat üçin 15 manat tölemeli bolýar. Harby komissariatdan şahadatnama almak üçin töleg 10 manat. Ähli tölegler edilip, talaplar ýerine ýetirenden soň, pasportda möhür basdyrmak üçin ýene 10 manat tölenmeli. Şeýlelikde, çykdajylaryň umumy bahasy 35 manada ýetýär. (Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 10 dollar - red.)


Ähli talaplary ýerine ýetirmek we zerur resminamany almak üçin köp wagt we tagalla gerek bolýar. Ýerli edaralary aýlanyp çykmak, nobata durmak, pasporta möhür basdyrmak we soň gerek resminama garaşmak 20 güne çenli wagt uzaga çekip bilýär. Ýaşaýyş ýerden resminama dürli maksatlar, şol sanda işe ýerleşmek we okuw jaýlaryna kabul edilmek üçin zerurdyr.


Türkmenistanda resminamalary ýygnamakdaky kynçylyklar daşary ýurt pasportynyň berilmegine hem degişli. Raýatlaryň ýurtdan çykmak üçin pasport almak islegleri ýokary bolmagynda galýarka, migrasiýa gulluklarynyň öňünde nobatlar saklanýar. Türkmenistandan migrasiýa akymy yzygiderli ösýär.




"Türkmen.news" neşiri Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýa Federasiýasyna göçmeginiň akymynyň tas bäş esse artandygyny ýazýar, ýöne bu sanyň COVID-19 pandemiýasyndan öňki derejä entek ýetmändigi bellenilýär.


Habarda Russiýanyň resmi statistikasyna salgylanylyp, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň 12 231 raýatynyň Russiýa barandygy aýdylýar.


Russiýa Federasiýasynyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň Bilelikdäki pudagara maglumat we statistika ulgamynyň web sahypasynda çap edilen sanlara görä, 2022-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende migrantlaryň sany bäş esse artypdyr. Olardan 4,7 müň türkmen raýatynyň köpüsi syýahatçylyk maksady bilen 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýa barypdyr. 2.2 müň adam öz saparynyň sebäbi hökmünde şahsy maksatlary görkezipdir, 1.8 müň - iş maksady bilen barandygyny görkezipdir. 281 adam Russiýa hyzmat işçisi, 26 adam tranzit maksady bilen barypdyr.


Resmi maglumatlara görä, üç aýyň içinde baranlardan hiç kim hemişelik ýaşamak üçin göçendigini görkezmändir, 2022-nji ýylyň dowamynda bolsa şeýle maksady diňe dört adam görkezipdir, diýip, Turkmen.news şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistandan çykyp, yzyna gaýdyp barmazlyk niýetli adamlaryň sanynyň gaty köpdügini belleýär.




Migrasiýa islegleri hatda ilatyň has gurply gatlaklarynda-da ösýär diýip, neşiriň maglumatynda bellenýär we Daşoguz welaýatynyň diňe bir polisiýa bölüminden 200 töweregi adamyň öz islegi boýunça işden gitmek hatyny ýazandygyny, olaryň hemmesiniň ýurtdan gitmegi meýilleşdirýändigini we şuňa meňzeş ýagdaýyň başga welaýatlara-da degişidigini ýazýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri döwlet edaralaryň işgärleriniň arasynda ýurtdan çykyp gitmek üçin işden gidýänleriň sanynyň ep-esli artandygyny habar berip gelýärler. Şol bir wagtyň özünde, döwlet sektoryndaky edaralarda we kärhanalarda iş ýerleriniň köpçülikleýin azaldylmagy hem yzygiderli amala aşyrylýar.


Bu aralykda, Türkmenistanyň ilat sany barada takyk maglumat ýok. 2022-nji ýylyň dekabryndaky ilat ýazuwynyň resmi netijeleri henizem köpçülige elýeterli edilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net