Добавить новость
123ru.net
World News
Май
2023

Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi

0
Türkmen aktiwisti-blogçy Farhat Durdyýew ady bilen tanalýan Farhat Meýmankuliýew Stambulda tussag edildi. Aktiwistiň egindeşleri Meýmankuliýewiň tussag edilendigi barada Azatlyga habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, Meýmankuliýew 19-njy maýda agşam sagat 9 töweregi öýünde tussag edilipdir. Meýmankuliýew tussag edilenden soň, Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi. Deslapky maglumatlara görä, türk polisiýasy aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň arzy esasynda tussag edipdir. Polşada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Nurmuhammet Annaýew, Meýmankulyýewiň tussag edilmegi baradaky maglumatlaryň şol bir kwartirada ýaşaýan türkmenistanlylar tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy. Farhat Durdyýew ady bilen çykyş edýän "YouTube" blogçysy, türkmen häkimiýetlerine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýar.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, Farhat Meýmankuliýew Stambuldaky öýünde tussag edildi. Polşada ýaşaýan oppozisioneri Nurmuhamhammet Annaýewiň, Meýmankulýew bilen bilelikde tussag edilen aktiwistlere salgylanyp, beren maglumatyna görä, munuň sebäbi Türkmenistan konsullygynyň polisiýa şikaýat bilen ýüzlenmegi bilen bagly bolupdyr. Meýmankuliýew we onuň bilen bile ýaşaýan beýleki üç türkmen raýaty anna güni agşam polisiýa äkidilipdir. Soň üç türkmen raýaty boşadyldy, Meýmankuliýew bolsa Stambulyň etegindäki Tuzla deportasiýa merkezine iberildi.




“Farhat Meýmankuliýew Stambuldaky türkmen konsullygynyň haýyşy boýunça tussag edildi. Birnäçe gün öň onuň yzarlanýandygy belli boldy. Farhatyň özi, “YouTube” kanalynda öz awtoulagyna GPS enjamynyň gurlandygyny habar berdi. Ol enjamyň konsullyk işgärleri bilen baglanyşykly türkmenler tarapyndan gurlandygyny öňe sürdi "- diýip, Annaýew aýtdy.


Azatlyk Radiosy Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygyna baryp, düşündiriş alyp bilmedi.


Farhat Meýmankuliýew soňky "YouTube" sahypasynda GPS enjamyndaky SIM kartanyň Saidulla Rozybaýew atly adamyň adyna hasaba alnandygyny öňe sürdi.


Iň soňky maglumatlara görä, Meýmankuliýew henizem deportasiýa merkezinde galýar. Şenbe güni türk adam hukuklary guramalarynyň biriniň aklawçylary onuň bilen duşuşdy. Annaýewiň sözlerine görä, blogçy olara polisiýa bölüminde onuň bilen türkmen konsullygynyň işgärleriniň gürleşendigini aýdypdyr.


2021-nji ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosy Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde geçirilen demonstrasiýalarda diplomatik wekilhananyň işgärleriniň Farhat Meýmankuliýewi (Durdyýewi) ele salandygyny we konsullyk binasynda birnäçe sagatlap ýenjendigini habar beripdi. Soňra aktiwist içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň gatyşmagyndan soň boşadylypdy. Meýmankuliýew Stambulyň prokuraturasyna konsullyk işgärleri tarapyndan bikanun tussag edilendigi barada şikaýat etdi, ýöne türk häkimiýetleri bu meselä ýeterlik ähmiýet bermedi.


Farhat Meýmankuliýew, 2020-nji ýylyň başynda döredilen sürgündäki türkmen aktiwist hereketiniň ady belli wekillerinden biridir. Ol "YouTube" kanalynda we beýleki sosial platformalarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýar.




Türkiýedäki raýat aktiwistleri 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň awtoritar hökümetine garşy çykyp başlapdy. Protest hereketiniň döremegine ýurdundaky sosial-ykdysady ýagdaýlar sebäp boldy. Koronawirus pandemiýasy wagtynda we ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde güýçli tupandan soň häkimiýetleriň ilata kömek bermezligi, protest hereketiniň güýçlenmegine goşant goşdy.


Protestlere jogap hökmünde türkmen häkimiýetleri ýurduň içinde we Türkmenistanyň daşyndaky aktiwistlere garşy repressiýalary güýçlendirdi.


Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda sosial-ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizligiň ýokary bolmagy we soňky ýyllarda ilatyň açlyk çekmegi Türkmenistanyň içinde-de, ýurduň daşynda-da nägileligiň artmagyna sebäp boldy. Ýurduň içinde hökümete garşy islendik garşylygy basyp ýatyrmaga ukyply türkmen režimi Türkiýedäki ýüzlerçe müň türkmen migrantlarynyň arasynda raýat aktiwliginiň artmagyna ünsüni güýçlendirýär.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net