Добавить новость
123ru.net
World News
Май
2023

Maryda mejbury abuna ýazylmak talaplary güýçlenýär

0
Mary welaýatynyň býujet edaralarynda üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin döwletiň eýeçiligindäki gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talaplary artýar. Söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri neşirleriň esasan onlaýn görnüşlerine ýazylmagy soraýarlar. Býujetçiler agyr ykdysady krizisiň arasynda goşmaça çykdajylaryň özleriniň gün-güzeran aladalaryna urgy bolýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanyň aglaba sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda mejbury abuna ýazylyşyk çärelerini şu aýyň ilkinji hepdesinde tamamlamak barada görkezme berlen bolsa, häzirki wagt Marynyň edaralarynda işgärlerden gysga wagtyň içinde gazetdir-žurnallara pul geçirmek soralýar. Ýerli býujetçiler soralýan puluň mukdarynyň beýleki sebitleriň edara-kärhanalary bilen deňeşdirilende has köpdügini aýdýarlar.


“Türkmenistanda çap edilýän ähli onlaýn žurnallara abuna ýazylmalydygy aýdylyp, munuň üçin döwlet edaralarynyň işgärlerinden 130 manat, ýolbaşçylaryndan bolsa 200 manat soralýar. Goňşy Lebapda bolsa, hem kagyz, hem-de onlaýn neşirleri üçin jemi 95 manat soraýarlar” diýip, maryly býujet işgärleriniň biri 18-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.


Ol edara ýolbaşçylarynyň, adatça bolşy ýaly, puly geçirmedik býujetçilere işden kowmak bilen haýbat atýandyklaryny, şeýle-de işgärleriň zähmet haklarynyň berilmegine çenli garaşmak haýyşlarynyň ret edilýändigini belledi.




Habarçymyz bilen söhbetdeş bolýan işgärleriň biri ýerli gazet-žurnallaryň mazmunynyň okyjylarda köplenç gyzyklanma döretmeýändigini, olarda aglaba şol bir habarlaryň çap edilýändigini aýtdy.


“Diňe mugallymlar öz işleri üçin maglumat toplamak üçin gazetdir-žurnallary dowamly yzarlaýarlar. Biziň edaramyzda abuna bolan neşirleriniň ýüzüni açyp görmedikler hem bar. Öňler kagyz neşirlerini hojalykda ol ýa-da bu zerurlyklar üçin ulanan bolsak, häzir onlaýn žurnallary üçin diňe puly howa zyňýarys” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.


Metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýän Türkmenistanda metbugat serişdeleri berk döwlet gözegçiligi astynda galýar. Gazet-žurnallaryň baş redaktorlary prezident tarapyndan wezipä bellenilýär.


Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça 2023-nji ýylda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 176-njy orunda ýerleşdirildi. Hasabatda geçen ýyl häkimiýet başyna Serdar Berdimuhamedowyň gelmegi bilen, ýurtda senzuranyň we gözegçiligiň gaýtadan güýçlendirilendigi nygtalýar.


Türkmenistanda býujet işgärlerinden ýylyň dowamynda iki gezek gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talap edilýär. Mejbury okyjy çekmek boýunça bu işlere güýz we ýaz aýlarynda badalga berilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net