Janyndan geçeniň Kabuldaky bomba hüjüminde 19 adam öldi
Esasan şaýy azlygyndan bolan hazaralaryň ýaşaýan Daşti Barçi mähellesindäki merkeziň içinde gurnalan partlama ir sagatlarda amala aşyryldy diýip, polisiýa başlygynyň metbugat wekili Halid Zadran aýtdy. Ol partlamanyň içi okuwçydan doly klas otagynda bolandygyny aýtdy.
Bu partlama geçen ýylyň awgust aýynda “Talyban” häkimiýet başyna geleli bäri dowam edýän zorlukly wakalaryň häzirlikçe iň soňkusy boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Mundan öň hazara azlygyny, şol sanda Daşti Barçini nyşana alan hüjümleriň jogapkärçiligini köplenç "Yslam döwleti" topary öz üstüne alypdy.
"Has giňişleýin maglumat almak üçin, biziň toparlarymyz partlamanyň bolan ýerine iberildi" diýip, “Talybanyň” bellän Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Nafi Takor aýtdy.
