Habarowskiň ýaşaýjylary ýene ýörişe çykdylar. Protestler yzygiderli 99 gün dowam edýär
Çärä gatnaşyjylar adatça Habarowsk sebitiniň hökümet binasynyň öňündäki Lenin meýdançasyna ýygnanyp, şäheriň merkezi köçelerinden ýöriş edýärler. Olar häzirki häkim Mihail Degtyarewe, prezident Wladimir Putine we hukuk goraýjy edaralara garşy şygarlara gygyrýarlar.
Habarowsk şäher häkimligi şäheriň esasy meýdançasyna 500 töweregi adamyň gelendigini aýtdy, raýat aktiwistleri bolsa protest çäresine gatnaşmak üçin birnäçe müň demonstrantyň gelendigini öňe sürýärler. Polisiýanyň we “Rosgwardiýanyň” işgärleri protest üçin ýygnananlara ýörişiň häkimiýetler bilen ylalaşylmandygy barada duýduryş berdiler, ýöne häzir tussag edilenler barada maglumat ýok.
