ABŞ-nyň goýbolsun edilen zarbalaryna jogap berip, Tähran ABŞ howplaryna “gaýtawul berjegini” duýdurýar
Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawi 22-nji iýunda “Tasnim” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde amerikan dronynyň urlup ýykylmagyny öwdi we Yslam respublikasynyň hiç wagt öz territorial bitewiliginiň bozulmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.
“Biz Eýran yslam respublikasynyň (territorial) bitewiligine abanýan islendik howpa garşy durmaga taýýar” diýip, ol aýtdy.
“Biziň kararymyz olaryň kararyna bagly däl we biz, howp-hatar bilen ilteşiklimi ýa däl, islendik agressiýa garşy durarys” diýip, Musawi sözüniň üstüni ýetirdi.
Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklar Eýranyň raketasy 20-nji iýunda ABŞ-nyň“ Global Hawk” gözegçilik dronyny urup ýykaly bärdi ýokarlandy.
21-nji iýundaky twitlerinde we bir gün soň NBC telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde Tramp Birleşen Ştatlaryň jogap zarbalaryny urup başlamagynyň 10 minut çemesi öň ýanynda goýbolsun edilendigini, sebäbi pidanyň köp boljakdygyny aýtdy.
