Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna hüjüm eden hüjümçiler öldürildi
“Baloçistan azat ediş goşuny” (BLA) diýlip, atlandyrylýan gozgalaňçy toparyň öz üstüne alan bu hüjümi zerarly iki polisiýa ofiseri wepat boldy.
“Ýagdaý gözegçilik astynda, hüjümçiler üçdi we olaryň ählisi öldürildi ... olar wiza bölümine girmäge synanyşypdy” diýip, polisiýanyň ýolbaşçysy Amir Şaih žurnalistlere aýtdy.
Pakistanyň telewideniýesi partlamanyň sesiniň şäheriň berk gorag astyndaky Klifton atly böleginde hem eşidilendigini habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde-de, Pakistanyň daşary işler minsitrliginiň 21-nji noýabra aýtmagyna görä, Hytaýyň ilçihanasynyň içinde bolan işgärler aman galypdyr.
BLA toparynyň metbugat-wekili hüjüm synanyşygyna jogapkärçiligi boýun aly. 23-nji noýabrda bolan ýene bir hüjüm Pakistanyň demirgazyk günbataryndaky şäherçede boldy. Bu ýerde azyndan 12 adam wepat boldy we 20 adam ýaralandy.
