Добавить новость
123ru.net
World News
Октябрь
2018

Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar

0
Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar.


Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky habarçysynyň sözlerine görä, möhleti geçen harytlar Aşgabadyň hem döwlet, hem-de hususy dükanlarynda duş gelýär. 


"Köplenç gaba gaplanan ýarma heňli bolýar. Bu hem bahalaryň yzygiderli galýan wagtynda. Düýn meniň tanyşym Ors bazaryndaky supermarketleriň birinde orsýetli süýjüleri satyn aldy, aýyjyklar şekilli süýji 88 manatdan. Olaryň içi gurçukly bolup çykdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.




Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, iýip bolmaýan we  möhleti geçen azyk önümleri, şeýle-de öndürlen senesi düýpden görkezilmedik harytlar hem hususy, hem-de döwlet dükanlarynda satylýar. Möhleti geçen ýa-da zaýalanan azyk önümleriň arasynda süýt-gatyk we işlenilen et önümleri, un duş gelýär.      




Mundan öň möhleti geçen harytlaryň köplenç Aşgabadyň hususy dükanlarynda satylýandygy habar berlipdi. Azatlygyň söhbetdeşleri şeýle harytlaryň arasynda daşary ýurtlarda öndürilen un, kofe, diş pastasy, balyk we et konserwalary bolup, söwdegärleriň olary hakyky bahasynyň üstüne atanak çekip, 5-15 manat arzanladylan bahadan satýandygyny habar beripdi.  


Ýerli synçylar satuwdaky azyk önümleriniň hiline gözegçilik edýän edaralaryň, şol sanda sanepidemstansiýanyň alyp barýan işiniň satylýan harytlaryň hiline öňyn täsir ýetirmeýändigini aýdýarlar. 


​"Düzgüni bozujylara jerime salýarlar, köplenç resmi däl görnüşde, emma zaýalanan harytlar satuwdan aýrylmaýar. Şeýdip, sentýabrda ýerli süýt önümlerinde gurçuk tapdylar, emma olar satuwa çykaryldy" diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri aýtdy. 


Azatlyk Radiosy paýtagtyň söwda nokatlarynda zaýalanan ýa-da möhleti geçen harytlaryň satuwda duş gelmegi bilen bagly ýagdaý barada resmi kommentariý alyp bilmediler.     




Ýerli synçylaryň sözlerine görä, satuwda möhleti geçen azyk önümleriniň köpelmegi soňky döwürde bahalaryň gitdigiçe ýokarlanmagy, munuň bilen bir wagtda ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi, şeýle-de häkimiýetleriň gözegçiliginiň gowşamagy bilen bagly.        


Türkmenistanda zaýalanan azyk önümleriniň satylmagy bilen bir wagtda, möhleti geçen däri-dermanlaryň söwdasy hem alnyp barylýar.


Soňky bir ýyla golaý wagt bäri ýurtda azyk, derman we hyzmatlar esli gymmatlady. Azyk önümleriniň bahasy azyndan iki esse göterildi. Çöregi, uny, şekeri we pagta ýagyny kesgitli nyrhdan satýan döwlet dükanlarynda uly nobatlar döreýär. Ýakyn günlerde Daşoguzda döwlet dükanlarynda birnäçe günläp un satylmady.      




Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda gytçylygyň dörändigini we nyrhlaryň göterilendigini açyk boýun almaýarlar. Milli media problemalary gozgamaýar. 


Şol bir wagtda-da, ykdysady krizisiň fonunda ýurduň ýolbaşçylary girdejileriň artýandygyny, milli puluň hümmetiniň bolsa durnukly galýandygyny yglan edip, milli habar beriş serişdelerinden "bolçulyk barada" ilaty habarly etmegi tabşyrýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net