Tramp Khaşoggini saudlaryň öldürendigi anyklansa, munuň ‘agyr’ netijeleriniň boljakdygyny aýtdy
ABŞ-nyň raýaty Khaşoggi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň, ýitirim bolupdy.
Türk habar serişdeleri saud ýolbaşçylarynyň ýiti tankytçysy Khaşogginiň konsulhanada öldürilendigini we jesediniň böleklere bölünip, ýok edilendigini öňe sürdüler.
Saud resmileri bu aýyplamalary “esassyz” atlandyryp, olary ret etdiler. Şol bir wagtda, olar žurnalistiň ykbaly barada hiç hili düşündiriş bermediler.
