Orsýet Eýrana tarapdar güýçleri Ysraýylyň serhedinden 100 kilometr uzaklykda saklamagy teklip etdi
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky resmi topar bu teklibi Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen 23-nji iýulda geçirilen duşuşygynda aýtdy. Bu barada Ysraýylyň telewideniýesi we günbatar mediasy habar berdi.
Media maglumatlaryna görä, duşuşykda Netanýahu Eýranyň ähli söweşijileriniň Siriýanyň territoriýasyndan çykarylmagyny, şeýle-de, Eýranyň uzak aralyga niýetlenen ähli raketalarynyň we howadan goranyş sistemasynyň ýurtdan çykarylmagyny talap edipdir.
Reuters agentligi Ysraýylyň resmisine salgylanyp, Orsýetiň öz teklibini “öňe sürende” Netanýahunyň muny ret edendigini, “biz eýranlylara serhetden 100 kilometr uzaklykda hem ýerleşmäge rugsat bermeris” diýip aýdandygyny habar berdi.
