123ru.net
Azathabar.com
Январь
2021

Maryda bazarlar gaýtadan ýapylýar, arassaçylyk güýçlendirildi

0
Maryda bazarlar gaýtadan ýapylýar, arassaçylyk güýçlendirildi

Mary welaýatynda koronawirus çäklendirmeleriniň arasynda geçen tomus ýapylan hem-de oktýabryň ortalarynda açylan bazarlar 14-nji ýanwarda gaýtadan ýapyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji ýanwarda habar berdiler.

Soňky düzgüne görä, ýapylan bazarlarda diňe gök-bakja önümleri satylýan söwda tekjeleri öz işlerine dowam edýär. Buýruk welaýat häkimligi tarapyndan berildi.

18-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda Azatlygyň ikinji habarçysy Maryda buýrugyň ýerine ýetirilişini barlady.

Onuň sözlerine görä, şäheriň "Ak bazary" 18-nji ýanwar güni açyklygynda galýar, ýöne ähli bazar satyjylary däl, diňe olaryň käbirleri bazara barypdyr. Ol bazardaky käbir dükanlaryň ýapyk durandygyny aýtdy.

Birinji habarçy käbir bazarlaryň ýapylmagy bilen bir hatarda welaýat merkezinde arassaçylyk işleriniň güýçlendirilýändigine üns çekýär.

“Ähli köçelerde we edara-kärhanalarda arassaçylyk işleri geçirilýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, bazarlaryň ýapylmagy Mary welaýatyna Aşgabatdan baran barlaglar bilen düşündirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýol polisiýasy welaýatda girizilen karantin düzgünlerine gözegçiligi güýçlendirýär, pyýadalaryň arasynda 2 metr aralygyň saklanmagy barada duýduryş berýär.

“Polisiýa köçelerde üýşüp duran adamlary dargadýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy. Ýöne onuň sözlerine görä, sosial aralygy saklamak düzgüniniň berjaý edilmegi döwlet dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlardan berk talap edilmeýär.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 hadysasy barada habar bermedi. Muňa garamazdan, ýurtda pandemiýanyň fonunda adamlaryň we transport serişdeleriniň hereketine, bazarlaryň iş tertibine çäklendirme girizildi.

Koronawirus çäklendirmeleriniň fonunda Maryda bazarlar tomus aýlarynda ýapyldy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary söwdagärleriň arz-şikaýatlarynyň esasynda welaýatyň merkezi bazarynyň, “Gök hem-de Ak bazarlarynyň” 14-nji oktýabrdan başlap, ýapylmazlygynyň gazanylandygyny habar berdiler.

Ondan has ozal, 19-njy sentýabrda Marynyň Baýramaly şäherinde bazar satyjylary polisiýa we bazar administrasiýany garşylyk bildirip, şäheriň iri bazaryny açdyrdylar.

Türkmenistanda koronawirus çäklendirmelerinden täsirlenýän söwdagärlere hem-de telekeçilere hökümet tarapyndan berilýän maliýe hemaýaty ýa-da beýleki ýeňillikler barada habar berilmeýär.

Mary welaýatynda habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme satyjylar ýapylan bazarlaryň 20-21-nji ýanwar günleri açylmagynyň mümkindiginiň özlerine aýdylandygyny mälim etdiler.

“Welaýatda arassaçylyk işleri dowam edýär we bu arassaçylyk işleriniň näçe gün dowam etjegi belli däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Maryda bazarlaryň ýapylandygy baradaky maglumaty Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy hem tassyklady.

“Baýramaly şäherindäki uly bazary indiki hepdäniň 3-nji gününe çenli ýapdylar” diýip, bir baýramalyly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bazarlaryň ýapylmagy Aşgabatdan baran barlag bilen düşündirilýär. Ýöne barlagyň maksady, onuň sebäbi barada jikme-jik maglumat aýdylmaýar.

Habarçy 17-nji ýanwarda beren maglumatynda Baýramalynyň bazarynyň öňünden habar berilmezden, duýdansyz ýapylandygyny aýtdy.

“Satyjylary bazaryň içine goýbermediler. Olar häzirki gün eklençsiz el-aýagy daňylan ýaly boldy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Baýramalynyň bazarynyň sebit ilatynyň arasynda meşhurlyk gazanandygyny aýdýarlar.

“Baýramalynyň bazaryna ähli etrapdan adam gelýärdi. Beýleki bazarlara seredeniňde, Baýramalynyň bazarynda ähli harytlary tapyp bolýardy, hem arzandy. Muny duýdurman ýapdylar” diýip, bir bazar satyjysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bazaryň duýdansyz ýapylmagy ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyny kynlaşdyrdy.

“Adamlar etraplardan bazara gelýärler, onuň ýapykdygyny görüp, işleri bitmän ‘biderek ýol kireý çykaryp gelenimiz boldy’ diýip, gynanyp, yzlaryna gaýdýarlar” diýip, satyjy sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, uly ýük ulagyny kireý tutup, bazara mal satmaga baran adamlar hem, mallaryny yzyna alyp gitmeli bolýarlar.

Sebitiň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri welaýat bazarynyň ýapylýandygy barada bildiriş çap etmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы


Спорт в России и мире
Москва

На окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» Калмыкию представляют четыре семьи


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Арина Соболенко

Бадоса из-за травмы снялась с матча против Соболенко и заплакала у сетки


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

АО «Транснефть – Дружба» подвело итоги деятельности в сфере экологической безопасности





Путин в России и мире
Москва

Гендиректор музеев Кремля получила орден "За заслуги перед Отечеством"


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Очередные кадровые назначения объявлены в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: Западу неинтересны планы Киева по атаке на Крымский мост


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Владимир Высоцкий

Актриса Лужина призналась, что у нее не было романа с Высоцким



Москва

МИД России: агрессивный антироссийский курс Молдовы является условием ее вступления в ЕС

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net