123ru.net
Azathabar.com
Октябрь
2020

COVID-19: Saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Lebaba sapar etdi

0
COVID-19: Saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Lebaba sapar etdi

Lebapdaky karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigi baradaky habarlaryň fonunda, ýurduň saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýeri sebite sapar etdi. Marynyň häkimiýetleri ilatdan maska geýmek talabyny has-da güýçlendirdi. Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap dolulygyna petiklemäniň girizilip bilinjekdigi baradaky habarlaryň fonunda, Aşgabatda geçirilýän toý-tomgalaryň we sadakalaryň sany görnetin artdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň dört habarçysy habar berýär.

"25-nji oktýabrda ýurduň saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýeri Lebabyň Türkmenabat şäherine geldi. Ol ýerli resmiler tarapyndan taýýarlanan saglyk edaralarynyň ençemesine baryp gördi. Olaryň arasynda täze karantin zonasy, ýokanç keseller hassahanasy we 2-nji Saglyk öýi bar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy ýerli saglyk resmileriniň ençemesine salgylanyp, 27-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 9-njy oktýabrda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine Mammetmyrat Geldinyýazowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.

Habarçynyň sözlerine görä, wise-premýer baryp gören edaralarynyň ählisinde kemçilik tapyp, saglyk ýolbaşçylaryna käýinç yglan etdi.

"2-nji Saglyk öýünde mundan 1 ýyl ozal abatlaýyş işleri geçirildi. Şol sebäpli ýerli resmiler wise-premýere bu ýeri we täze karantin zonasyny görkezdiler. Muňa garamazdan, wise-premýer olaryň ählisinde kemçilik tapdy" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol ýekşenbe güni Geldinyýazowyň geçen köçeleriniň ýapylandygyny, käbir duralgalarda awtoulaglary goýmaga rugsat berilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Wise-premýeriň Lebaba eden sapary barada resmi metbugatda maglumat göze ilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýat häkimliginden kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne agzalýan saglyk ýolbaşçysynyň bu sapary Lebapdaky karantin nokadynda saklanýan dört adamyň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigi we sebitde maska geýmek talabynyň güýçlendirilendigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Lebaply habarçy täze karantin zonasyndaky şertler barada hem maglumat berip, bu ýere kabul edilýän adamlaryň sanynyň azaldylandygyny belledi.

"Täze karantin zonasynda krowatlaryň sanyny azaltmak arkaly bu ýerde saklanýan adamlaryň sany kemeldildi. Öňki karantin zonasynda krowatlar iki hatardy, täze ýerde bir hatar edildi. Indi öňki ýaly 2-3 uçaryň ýolagçylaryny kabul etmäge mümkinçilik ýok" diýip, habarçy öňki karantin zonasyndaky çadyrlaryň eýýäm sökülip aýrylandygyny hem aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy Baýramaly şäherinde maska režiminiň güýçlendirilendigini habar berýär. Ol bu çärä polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýändigini aýdyp, köçelerde her 20-30 metr aralygynda bir polisiýa işgäriniň ýerleşdirilendigini belleýär.

"Maskasy ýok adamlary hiç zat diňlemän, ulaga salyp äkidýärler. Hatda Baýramalynyň merkezi hassahanasyndan çykýan maskasyz näsag adamlary hem ýygnaýarlar" diýip, habarçy şu günler munuň ýaly hadysalara köp duş gelse bolýandygyny we polisiýa işgärleriniň şäheriň köp gatly jaýlarynyň arasyndaky köçelere hem gözegçilik edýändigini aýtdy.

Azatlygyň aşgabatly bir habarçysy Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap dolulygyna petiklemäniň girizilip bilinjekdigi baradaky habarlaryň fonunda, soňky günlerde paýtagtda geçirilýän toý-tomgalaryň we sadakalaryň sanynyň görnetin artandygyny habar berýär.

Habarçymyzyň iberen suratlarynda we wideo ýazgylarynda 27-nji oktýabrda Aşgabadyň etrapçalarynyň birinde bolan durmuş toýuna 50-den gowrak adamyň maskasyz gatnaşandygyny görse bolýar.

Şeýle-de, wideo ýazgylarda maskasyz adamlaryň sosial aralygy saklaman, toý aýdym-sazlaryna bilelikde tans edýän pursatlary görünýär. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary we wideo ýazgylary köpçüligiň dykgatyna hödürlemeýär.

Ýatlatsak, 26-njy oktýabrda Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn bir çeşmesi ýurduň demirgazygyndaky DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirusyň ýaýramagy, şeýle hem Lebap welaýatyndaky ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly, tutuş ýurtda karantin çärelerini girizmek meselesiniň çynlakaý ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň doly petiklemä garaşýandygyny aýdyp, olaryň aýyň ahyryna çenli ähli maşgala çärelerini geçirmäge howlukýandygy barada "Turkmenistanyn Hronikasy" neşiri hem habar berýär.

"Köp howlularda çadyrlar gurlup, aýdym-saz eşidilýär. Maskasyz we ätiýaçlyk çärelerini görmeýän köp sanly myhman maşgala dabaralaryna ýa-da sadakalara gatnaşýar" diýip, neşir 26-njy oktýabrda çap eden maglumatynda aýdýar.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň Fiziologiýa ylmy kliniki merkezi hassahanasyna (Demirýol Hassahanasy) koronawirus alamatlary bolan näsaglaryň her gün eltilýändigini habar berýär.

"Soňky iki hepdäniň dowamynda bu ýere günde 7-8 näsag getirilýär" diýip, habarçy hassahananyň saglyk işgärlerine salgylanyp, 27-nji oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistan öz çäginde resmi taýdan tassyk bolan koronawirus hadysalary barada habar bermeýär. Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler soňky aýlarda ilat arasyndaky ölüm derejesiniň görnetin ýokarlanandygyny tassyklasa-da, Türkmenistan dünýäde hiç bir koronawirus näsagyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о дополнительном образовании школьников


Спорт в России и мире
Москва

Кубок России. ЦСКА уверенно шагает в финал пути РПЛ.


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина? Назван главный конкурент Соболенко


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

HTX Ventures сотрудничает с Core Venture Network для расширения возможностей инноваторов Core Chain





Путин в России и мире
Москва

Путин и Раиси обсудили по телефону развитие сотрудничества России и Ирана


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко подписал указ по реализации до 2028 года нового проекта с РФ в сфере космоса




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленского выпороли ультиматумом: США жестко ответили на наглость и поучения Киева


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Татьяна Рязапова

Если ты не поступил в колледж или вуз



Москва

Собянин: благоустройство в 2024 году охватит 2,5 тысячи дворов, улиц и парков

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net