Waksinasiýany ýaýbaňlandyrýan Britaniýa çäklendirmeleri ýeňilleşdirýär
Britaniýa koronawirus çäklendirmelerini ýeňilleşdirmek üçin ýene bir ädim ädýär we ýokançlygyň azalýandygyny, ulularyň köpüsiniň COVID-19-a garşy waksinanyň azyndan birinji sanjymyny alandygyny aýdýar.
12-nji aprelden başlap, dükanlaryň, dellekhanalaryň hemmesiniň açylmagyna, bir maşgala agzalarynyň bilelikde myhmanhanalarda dynç almagyna mümkinçiligiň döremegine garaşylýar.
Sport zallary, basseýnler, kitaphanalar we haýwanat baglary hem açylyp bilner.
Daşarda müşderilere hyzmat edip bilýän restoranlaryň we barlaryň açylmagyndan soň premýer-ministr Boris Jonson bu wakany bir pint piwo bilen bellemegi meýilleşdirýär.
Britan premýeri çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegini "erkinlige tarap möhüm ädim" diýip atlandyrdy, ýöne adamlary seresap bolmaga we "jogapkärçilikli hereket etmäge" çagyrdy.
Çäklendirmeleriň ýatyrylmagy esasan açyk howadaky çärelere gönükdirilýär we ýapyk binalardaky ýakyn kontaktlar arkaly wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak göz öňünde tutulýar.
Ulularyň 60% gowragynyň koronawirus waksinasynyň azyndan birinji sanjymyny alandygyna garamazdan, britan saglyk işgärleri kontinental Ýewropadaky ýene bir ýokanç tolkunynyň bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Hökümet 17-nji maýda goşmaça ýeňillikleri, şeýle-de, ýagdaýa görä, 21-nji iýunda ähli sosial çäklendirmeleri ýatyrmagy meýilleşdirýär.
Şotlandiýa, Uels we Demirgazyk Irlandiýa öz saglyk syýasatlaryny kesgitleýärler we çäklendirmeleri has giňeldýärler.