"Resminama gerek." Ölýänleriň köpelýän wagtynda merhumlary jaýlanmak üçin resminamalary almak kynlaşdy
Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebap welaýatynda merhumlaryň jaýlanmagy üçin täze talaplar girizilenden soň, ilat zerur resminamalary almakda kynçylyk çekýär. Şol bir wagtyň özünde, ýapyk ýurduň daşyna gitmäge synanyşýan ýaşaýjylar hem resminamalary almak zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz boldular.