NATO ministrleri reformalary maslahat etmek üçin ikinji gün konferensiýa geçirýär
2-nji dekabrda NATO-nyň daşary işler ministrleri transatlantik ýaranlygyny reformalaşdyrmak we ony pugtalandyrmak boýunça pikirleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän iki günlük onlaýn konferensiýany jemleýärler.
Konferensiýanyň birinji gününde ministrleriň dykgatyna hasabat hödürlenip, onda ýaranlygyň täze wehimlere, şol sanda “dyzmaçlyk edýän agressiw Russiýa” we “Hytaýyň kuwwatlanmagyna” garşy durmak üçin uýgunlaşmalydygy bellenilýär.
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (Aşgabat wagty bilen 22:00-da) konferensiýanyň jemleri boýunça onlaýn metbugat ýygnagyny geçirer.
1-nji dekabrda Stoltenberg ministrleriň Russiýanyň ýaranlygyň töwereginde “harbylarynyň sanyny artdyrýandygy” we ýaranlygyň Owganystandaky missiýasy baradaky meseleleri hem maslahat edendiklerini aýtdy.
Fewralda ýaranlygyň goranmak ministrleri duşuşanlarynda, Günbatar harby ýaranlygy “käbir agyr kararlary kabul etmeli bolar” diýip, Stoltenberg sözüne goşdy.
67 sahypalyk hasabatda ýaranlygy reformalaşdyrmak boýunça 140 taslama hödürlenýär. Hasabatda ýaranlygyň “has talap edilýän strategiki gurşawyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin uýgunlaşmalydygy” bellenilýär.