UNISEF ösýän ýurtlara COVID-19 garşy 2 milliard sanjym bermegi planlaşdyrýar
BMG çagalar fondy UNISEF ösýän 92 ýurda COVID-19 sanjymyny we 1 milliard şpris bermegi öz içine alýan “mamont operasiýasy” atly çäresini planlaşdyrýandygyny 23-nji noýabrda yglan etdi.
Dünýäde waksinalaryň iň uly hyrydary UNISEF, adatça 100-e golaý ýurtda yzygiderli immunizasiýa we wiruslara garşy göreşmek üçin her ýylda 2 milliard dozadan gowrak sanjym satyn alyp berýär.
"Bu deňi-taýy bolmadyk tejribe, sowuk şertleri berjaý etmek talabyna laýyklykda müňlerçe ýüküň iberilmegini sazlaşdyrmagy öz içine alýar we UNISEF bu taryhy işiň dowamynda zerur bolan temperatura gözegçilik edilýän önümleriň üpjünçiligini dolandyrmak boýunça bilermendir" - diýlip guramanyň beýanatynda aýdylýar.
UNISEF COVID-19 sanjymlaryny üpjün etmegiň maddy-tehniki kynçylyklaryna taýýarlyk ugrunda ýüzlerçe howa, ýük we gämi gatnawy boýunça global logistika hyzmatdaşlarynyň ýüzlerçesi bilen işleşýändigini we “şu wagta çenli amala aşyrylan iň uly we iň çalt operasiýa” garaşýandygyny aýtdy.
Hepdäniň ahyrynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň ýolbaşçylary "ähli adamlar üçin" COVID-19 sanjymlarynyň deň paýlanmagyny we elýeterliligini üpjün etmek we pandemiýa sezewar bolan ykdysadyýeti gowşak ýurtlary goldamak üçin "tagallalaryny gaýgyrmazlygy" wada berdiler.