Çeşme: Türkmenistan sebitler arasyndaky gatnawy çäklendirýär
Türkmenistanda ilatyň ýurt içindäki hereket çäklendirmeleriniň gerimi giňeldilýär.
Azatlygyň habarçysy 30-njy oktýabrda ýurduň güýç gurluşlarynyň umumy ýygnagynyň geçirilendigini we diňe sebitler bilen Aşgabat arasyndaky däl, eýsem, sebitden sebite barmak mümkinçiliklerini hem çäklendirmek kararyna gelnendigini habar berýär.
Habarçy bir gün ozal welaýatlar bilen paýtagtyň arasyndaky gatnawa girizlen çäklendirme barada habar beripdi.
Onuň sözlerine görä, hereket çäklendirmesi döwründe ýola çykanlardan güwänamalar talap ediler.
Ýolagçynyň hereket azatlygyny çäklendirmezlik baradaky karar ýörite komissiýa tarapyndan kabul ediler, bu komissiýa polisiýanyň, migrasiýa gullugynyň, häkimligiň we sanitar-epidemologiýa gullugynyň wekiller girýär diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk ýurduň içinde ondan oňa gitmäge rugsat bermek baradaky komissiýa Saglygy goraýyş we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň wekilleriniň hem girýändigini anyklady.
Şu aralykda Aşgabatda iş saparynda bolup, yzyna, ýaşaýan we ýazgy edilen sebitine uçmakçy bolýan ýolagçylaryň ýoldan saklanýandygy, olaryň iş ýerinden möhürli güwänama getirmekleriniň talap edilýändigi habar berildi.
Ol ýa beýleki ýere gitmek bilen baglanyşykly meseleler 29-njy oktýabrda başlandy, ýogsa häzire-bu güne çenli hem ýazmaça berlen görkezme ýok diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Bu çäre ýurtda demirýol we awtobus gatnawynyň hereketine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldylan wagtynyň yz ýanyndan görülýär.
Ýarym-resmi orient.tm neşiriniň ýazmagyna görä, çäklendirmeleriň möhleti ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen uzaldyldy.
Ýatlatsak, Azatlyk şu hepdäniň başynda öz çeşmelerine salgylanyp, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda doly petiklenmäniň girizilip bilinjekdigini duýdurdy.
Saglyk pudagyndaky çeşmäniň sözlerine görä, güýçlendirilen karantin çäreleriniň çäginde, hususan-da 1-nji noýabrdan başlap, içerki awia gatnawlarynyň togtadylmagyna, sebitler arasyndaky hereketiň düýbünden ýatyrylmagyna, hususy köpçülikleýin çäreleriň gadagan edilmegine garaşylýar.
Resmi maglumata görä, Türkmenistanda hiç bir koronawirus hadysasy ýüze çykarylmady. Azatlygyň habarçylary we ýerli çeşmeler bu kesliň alamatlary bilen ölýän adamlar barada yzygiderli maglumat berýärler.