123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Lebabyň mekdeplerinde barlag geçirilip, mugallymlara jerime salyndy

0
Lebabyň mekdeplerinde barlag geçirilip, mugallymlara jerime salyndy

Geçen hepde Lebap welaýatynyň bilim bölüminiň resmileri sebitiň etraplaryndaky mekdeplerde barlag işlerini geçirdiler. Bu barlaglar bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeriň Lebaba eden saparynyň öňýanynda amala aşyryldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy bilim resmileriniň okuwçylaryň mobil telefonlaryny, mugallymlaryň sowatlylyk derejesini we mekdepleriň gyş paslyna taýýarlygyny barlandygyny habar berýär.

"Bu barlaglar 15-22-nji oktýabr aralygynda welaýatyň tas ähli etraplaryndaky mekdeplerde geçirildi. Bularda esasan bilim, terbiýe, mekdepleriň sowukdygy ýa-da däldigi, mugallymlaryň sowatlylyk derejesi, okuwçylaryň mobil telefonlary barlandy" diýip, habarçy anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bilim resmileriniň we işgärleriniň ençemesine salgylanyp, 27-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy barlaglar döwründe mekdepleriň ýyladyş ulgamlarynyň işleýşiniň kadaly ýola goýlandygyny, ýöne barlagçylar gidensoň, "ähli zadyň öňki tertibine getirilendigini", ýagny ýyladyş ulgamlarynyň işlemeginiň bes edendigini hem aýtdy.

"Mekdepler ýene sowuk. Bu mekdepleriň arasynda Darganatanyň 21,19,27 we 10-njy mekdeplerini agzap geçse bolar" diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, habarçy barlaglarda Farap, Çärjew, Galkynyş we Darganata etraplaryndaky mekdeplerde "kemçilikleriň" tapylandygyny, mekdep döwründe okuwçylaryň we mugallymlaryň mobil telefon ulanýandygynyň anyklanandygyny hem aýtdy.

"Farap we Darganata etraplaryndaky mekdep okuwçylarynyň ýanynda mobil telefonlar we porno maglumatlar tapylypdyr. Şeýle-de bu etraplaryň merkezindäki mekdeplerde işleýän mugallymlaryň ortaça 25%-niň iş döwründe telefon ulanýandygy anyklanypdyr. Olardan düşündiriş alnyp, käbirine jerime töletdirilipdir. Jerimäniň möçberi entek takyk belli däl" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada Lebap welaýat we agzalýan etraplaryň häkimliklerinden, bilim bölümlerinden, şeýle-de gürrüňi edilen mekdeplerden kommentariý alyp bilmedi.

Belläp geçsek, bu barlaglar bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Mammetmyrat Geldinyýazowyň Lebaba eden saparynyň öňýanynda geçirildi.

9-njy oktýabrda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze wezipä bellenen Geldinyýazow 25-nji oktýabrda Lebaba sapar etdi we döwlet edaralarynyň ençemesine baryp gördi.

"Birnäçe mekdebe baryp gören wise-premýer bilim ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi we ýakyn wagtda düzetmegi buýurdy" diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky beýleki bir habarçysy 27-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde şuňa meňzeş barlaglar ýylyň dowamynda wagtal-wagtal geçirilýär. Şeýle barlaglar barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary şu ýylyň başynda hem habar beripdiler.

Şonda habarçylarymyz ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň we mugallymlaryň mobil telefonlary ulanmagyny çäklendirýän gadagançylyklaryň täzeden güýçlendirilendigini habar berdiler.

Ýanwaryň ikinji ýarymynda Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan mugallymlaryň meýletin-mejbury işden çykarylýandygy mälim boldy. Fewral aýynda bolsa, çagasy mekdebe telefon elten paýtagtly ene-atalara pul jerimesiniň salynýandygy habar berildi.

Şonda türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermediler. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu gadagançylygyň sebäplerini “türkmen häkimiýetleriniň mekdeplerdäki hakykatlaryň aýan bolmagyndan gorkýandygy” bilen düşündirdi.

Fewralyň ortalarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň, ýetginjekleriň we dürli ýaşdaky adamlaryň köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýyň olaryň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada ilkinji gezek çykyş eti.

Şol bir wagtda, prezident 2019-njy ýylyň 7-nji martynda geçiren hökümet maslahatynda degişli wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrypdy.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: объем промышленности в Москве за год вырос в два раза


Спорт в России и мире
Москва

МФК «Динамо Пушкино» вошел в топ-8 команд Всероссийского футбольного турнира «Кубок Казани»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Новак Джокович в пятый раз получил спортивный «Оскар» как атлет года


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сенсорный сад с экотропами появится в Бутырском районе Москвы





Путин в России и мире
Москва

Тема дня: Путин назвал сохранение духовных ценностей условием укрепления суверенитета


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

VII Всебелорусское народное собрание: основные заявления Александра Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский допустил, что Москва и Киев начнут мирные переговоры


Навальный в России и мире
Москва

В РПЦ отказались называть причины запрета в служении иерея Сафронова, отпевавшего Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Посмотрите на этих губастых»: Розенбаум разгромил любителей пластики



Москва

Подмосковье изготовит оборудование для АЭС в Бангладеш

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net