Dagly-Garabag üstünde barýan söweş Azerbaýjan şäherinde 13 adamy öldürdi
Ýurduň Adatdan daşary ýagdaý ministrliginiň habaryna görä, 17-nji oktýabrda irden Azerbaýjanyň ikinji uly şäheri bolan Genje şäherine urlan raketa zarbasy 13 adamyň öldürilmegine we 50-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň habaryna görä, gyssagly kömek gullugy diri galanlary harabalykdan çykarmaga synanyşan ýaşaýjylara goşuldy.
Azyndan 20 maşgalanyň öýlerine zyýan ýetdi. Şeýle-de, uly bendiň ýerleşýän şäheri Mingeçewire raketa hüjümi edildi. Bu şäherde ýeten zyýan barada hiç zat aýdylmady. Bu zarbalar Azerbaýjan bilen ermeni güýçleriniň arasynda Dagly-Garabagda we onuň töwereginde bolan täze çaknyşyklaryň yz ýanyndan uruldy.
Taraplaryň ikisi-de ruslar tarapyndan araçylyk edilen ýaraşygyň düzgünleriniň saklanmazlygynda bir-biri aýyplady. Baku we Ýerewan bolsa, hersi öz gezeginde, sebitde we onuň töwereginde uly ilerleme gazanandygyny öňe sürdi.
Onlarça ýyl bäri dowam edýän konfliktiň Azerbaýjanyň iň uly ýarany Türkiýe bilen Orsýeti hem özüne çekip biler diýip alada edilýär. Orsýet, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň çäginde, Ermenistanyň howpsuzlygyny kepillendirmäge borçly bolup durýar.