Fransiýada okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezen mugallymyň kellesi kesildi
Golaýda klas otagynda okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezen mugallymyň kellesi kesildi. Prezident Emmanuel Makron Parižiň etegindäki mekdebiň daşynda bolan wakany “yslamçy terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdi.
Makron mugallyma hüjüm edilen orta mekdebiň golaýynda durup, "şu gün bir raýat mugallym bolandygy üçin we söz azatlygyny öwredendigi sebäpli öldürildi" diýdi.
Şahsyýeti anyklanmadyk hüjümçi polisiýa tarapyndan saklanjak bolanda atylyp, soňra ýarasyndan öldi diýip, polisiýa aýtdy.
Fransiýanyň terrorçylyga garşy ýöriteleşen prokurorlary bu hadysa "terror guramasy bilen baglanyşykly ganhorluk" we "jenaýatçylykly terrorçylyk birleşigi" bilen ilteşikli jenaýat hökmünde garaýarlar diýip, "Le Monde" ýazdy.
Şeýle-de, gazetiň ýazmagyna görä, güman edilýän merhumyň ýanyndan tapylan dokument onuň 18 ýaşly, Moskwada doglan erkekdigini görkezýär. Ol dokument bu adamyň çeçen asyllydygyny görkezýär. Emma derňewçiler güman edilýäniň şahsyýetiniň resmi taýdan kesgitlenmegine garaşýarlar.
Polisiýa çeşmesi mugallymyň klasdaky okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezendigini aýtdy. Musulmanlaryň käbiri muny gänä iş hasaplaýar.
Bu iş bilen baglylykda dört adam, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik adam tussag edildi diýip, çeşme aýtdy. AFP habar gullugynyň suddaky çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, olar hüjümçi bilen baglanyşykly hasaplanýar.