123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Esger iýmitine ‘towugyň dyrnakly barmaklary goşulyp berilýär’

0
Esger iýmitine ‘towugyň dyrnakly barmaklary goşulyp berilýär’

Türkmen goşunynda esgerleriň açlyk-horlukdan kösenýändigi, olaryň bikanun ýagdaýda hususy hojalyklarda günlükçi hökmünde işledilýändigi, şeýle-de ofiserleriň dürli bahanalar bilen harby gullukçylardan para-peşgeş talap edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri Bakan welaýatynyň Serdar etrabyndaky harby berkitmedäki ýagdaýlary öwrendi we ol ýerdäki gulluk geçýän käbir esgerleriň hossarlary bilen söhbetdeş boldy. Onuň toplan maglumatlarynda bellenilşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň arasynda häzir esgerleriň gulluk şertleri has hem kynlaşypdyr.

“Esgerleriň üpjünçiligi ýaramaz. Sabyn, şampun ýaly şahsy gigiýena serişdelerini olaryň özleri, ene-atalarynyň iberýän pulunyň hasabyna, almaly bolýarlar. Indi esgerlerden öz hasabyna antiseptikleri, oksalin mazlaryny, rezin ellikleri hem talap edýärler. Söhbetdeşlerimiň biri pensiýasynyň ‘agramly böleginiň’ esger oglundan talap edilýän çykdajylara gidýändigini aýtdy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.

Habarçymyz 3 müň töweregi esgeriň gulluk geçýän bu harby berkitmesinde iýmit ýagdaýynyň hem “gözgynydygyny”, harby gullukçylaryň “açlykdan jebir çekýändigini” aýtdy.

“Naharlaryň hil derejesi pes. 3 müň esgere 10 kg eti we 25 kg makarony 1 tonna golaý suwa gaýnadyp berýärler. Soňky wagtdan bäri çörek, çaý, miwe şerbeti asla-da berilmeýär. Esger naharyna towuk etiniň deregine, adatça zir-zibile oklanýan towugyň dyrnakly barmaklary goşulyp berilýär” diýip, habarçymyz belledi.

Mundan başga-da, ofiserleriň bikanun ýagdaýda esgerleri şahsy hojalyklara mal ýataklary arassalamak, gurluşyk etmek, ekin meýdanlarynda işlemek ýaly işlere günlükçi hökmünde iberýändikleri bellenilýär.

“Esgerler birnäçe gün möhlet bilen hojalyklara ugradylýar. Edilen işiň hakyny ofiserler alýarlar. Ýöne bellemeli ýeri, esgerler ‘iň azyndan kadaly naharlaýarlar’ diýip, hojalyklarda işlänini gowy görýärler” diýip, habarçymyz nygtady.

Türkmenistanda ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawirusyň öňüni alyş çäreleri bilen baglylykda girizilen hereket çäklendirmeleri hem, ofiserleriň esgerleriň hasabyna bikanun “gazanç” etmegine ýol açandygy nygtalýar.

“Hereket çäklendirmeleri sebäpli, esgerleriniň gulluk geçýän harby bölümlerine baryp bilmeýän ene-atalara hemaýat pullaryny ofiserleriň telefonlaryna geçirmek soralýar. Ofiserler ol pullaryň ýarpysyndan gowragyny özüne alyp galýarlar we esgerlere bu barada aýtmazlygy aýdyp haýbat atýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren käbir esgerler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, türkmen goşunynda ofiserleriň harby gulluk möhleti dolan esgerleriň harby gullukdan wagtynda boşadylmagy üçin hem para soraýandyklary barada maglumatlar bar. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ofiserleriň gulluk möhleti dolan esgerleriň ýylyň aýagyna çenli hem gullukda saklanyp biljekdigi bilen haýbat atyp, olardan para-peşgeş soraýandyklaryny belleýär.

Ýatlatsak, türkmen prezidenti 16-njy sentýabrda “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky” permana gol goýupdy.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň mundan ozalky maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, türkmen goşunynda esgerler, hususan-da harby gulluga ýaňy başlan ýaş esgerler “dedowşina”, “esgerleriň arasyndaky agalyk bilen bagly problemalardan” ejir çekýär.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden, edilen ençeme synanyşyklara garamazdan, hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о достижениях медицины


Спорт в России и мире
Москва

Продлить жизнь помогут движение, отсутствие стресса и добрые друзья


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Результативность, вовлечённость, трудоголизм — где грань? Книга от автора российской модели факторов вовлечённости персонала.





Путин в России и мире
Москва

МИД РФ иронично прокомментировал высказывание Шольца о Путине и Канте


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко: на территории Польши и Прибалтики готовят атаки на восток




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Во Франции назвали бредом слова Зеленского про угрозу Путина Европе


Навальный в России и мире
Москва

Проводивший панихиду по Навальному* священник запрещен в служении



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Баста

Поклонник Басты сделал предложение девушке на концерте рэпера в Новосибирске



Москва

Возвращение грандиозной музыкальной премии CTC Kids «Супер Лайк Шоу»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net