Prezident Trampyň koronawirus synagy pozitiw netije görkezdi, ol karantinde bolar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň koronawirus synagy oňyn netije görkezdi, ol 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawdan bir aý öň karantine çykar.
Tramp 1-nji oktýabrda özüniň we ýurduň birinji hanymy Melania Trampyň COVID-19 synaglarynyň oňyn netije görkezendigini we karantinde boljakdyklaryny aýtdy.
“Şu gün agşam @FLOTUS bilen meniň koronawirus synaglarym oňyn netije berdi. Biz karantin we gutulyş prosesine derrew başlarys. Biz muny BILELIKDE geçeris!” diýip, Tramp twitterde ýazdy.
Prezidentiň ýa-da birinji hanymyň haýsydyr bir kesel alamatlarynyň, koronawirus simptomlarynyň bolandygy ýa bolmandygy anyk däl.
Kesellere gözegçilik merkeziniň habaryna görä, simptomlar adamda adatça wirus ýokaşandan bäş gün soň ýüze çykýar, ýöne bu alamatlar wirus ýokaşandan iki gün soň ýa-da 14 gün soň hem ýüze çykyp biler.
Bu habar prezidentiň geňeşçisi we baýry maslahatçysy Hope Hiksiň şu hepde Tramp bilen birnäçe gezek syýahat edeninden soň tabşyran saglyk synaglary koronawirus babatda oňyn netije görkezenden birnäçe sagat soň berildi.
Hiks 29-njy sentýabrda prezident bilen “Howa güýçleri 1” uçarynda Kliwlendde geçirilen ilkinji prezident çekişmesine gitse, 30-njy sentýabrda prezident dikuçarynda Minnesota ýygnanyşygyna gitdi.