Belarusda geçirilýän protestleriň 50-nji gününde ýüzlerçe adam tussag edildi
Belarus polisiýasy 27-nji sentýabrda tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalarda ýüzlerçe adamy tussag etdi we göz ýaşardyjy gazy ulanyp, sesli granatlary atdy.
Alýaksandr Lukaşenka garşy protestler 50 gün bäri dowam edýär.
9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň netijelerinden nägileligini bildirýän 100 000 golaý protestçi 27-nji sentýabrda oppozisiýanyň nyşany bolan gyzyl-ak goşa reňkli baýdaklary göterip paýtagt Minskde köçä çykdy
Adamlar "faşist" we "utanç" diýip öz şygarlaryny öňe sürdüler we Lukaşenkanyň hem onuň hökümetiniň protestlere we oppozisiýanyň talaplaryna barlyşyksyz jogap bermegini ýazgardylar.
Ýurduň başga ýerlerinde, ýüz nikaplaryny geýen polisiýa işgärleri gündogar Homel şäherinde adamlara göz ýaşardyjy gaz bilen hüjüm etdiler we tussag edişlikler, garşylyklary dargatmak üçin howa ok atmak ýaly çäreleri ulandylar.
Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy Hrodna şäherinde hem ulandylar we tutha-tutluklary geçirdiler.
Içeri işler ministrligi tutuş ýurt boýunça "200 töweregi" demonstrantyň tussag edilendigini tassyklady. Ynsan hukuklary topary "Wýasna" topary günüň dowamynda tussag edilen 341 adamyň atlaryny yzygiderli täzelenýän sanawda çap etdi.