123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

COVID-19: Aşgabatda hassahanalar näsaglardan ýüz öwürýär, Maryda wirus çäklendirmeleri berkeýär

0
COVID-19: Aşgabatda hassahanalar näsaglardan ýüz öwürýär, Maryda wirus çäklendirmeleri berkeýär

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 wakalaryny resmi taýdan hasaba almaýan wagty, Aşgabatda hassahanalar koronawirus alamatly täze näsag kabul etmekden ýüz öwürýär. Marynyň welaýat häkimliginde keseliň ýaýramagyny haýallatmak boýunça adatdan daşary ýygnak geçirildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

“Aşgabatda bir aý mundan ozal adamlar hassahanalara ýantaşmazlyga synanyşyp, olar zor bilen hassahanalara ýerleşdirilen bolsa, indi keselhanalar näsaglary kabul etmekden köpçülikleýin ýüz öwürýär” diýip, habarçymyz paýtagtdan habar berdi.

“Polimeks” türk kompaniýasynyň öňki binasynda ýerleşýän koronawirus karantin merkezi hem kesel alamatlary bilen barýan näsaglary kabul etmeýär.

Habarçy “Polimeksiň” öňki binasynda ýerleşýän karantin merkeziň koronawirus alamatlary bolan, iki hepde bäri näsag bir aýaly kabul etmekden ýüz öwürendigini habar berdi. “Ýogsam bolmasa, ol köp mukdarda pul hem hödürledi. Näsagyň COVID-19 testi “negatiw” netije görkezdi” diýip, habarçy aýtdy. Ol näsag aýalyň iki hepde bäri öýünde ýarawsyz bolup, ýagdaýy gowulaşmansoň, karantin merkezine ýüz tutandygyny aýtdy.

Şondan soň, näsag Aşgabadyň Kardiologiýa we nefrologiýa merkezinde kompýuter tomografiýasyndan geçýär we onuň bir öýkeniniň 75 prosent zeperlenendigi anyklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, howsala düşen köp adam, Kardiologiýa we nefrologiýa bölüminde uly nobatlara döz gelip, kompýuter tomografiýasyndan geçmek isleýär.

“Polimeks [karantin merkezi] hyryn-dykyn. Hassahanalaryň näsaglardan ýüz öwürmegi BSG-niň sapar etmek ähtimallygy bilen ilteşdirilýär” diýip, habarçy aýtdy.

“Ýa koronawirus testleriniň hili gowy däl, ýa-da test netijelerini “oňyn” görkezmezlik babatynda görkezme berlipdir” diýip, birnäçe aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Aşgabatda hassahanalar näsaglardan köpçülikleýin ýüz öwürýän wagty, Mary welaýatynda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen goşmaça çäklendirme çäreleri girizilýär.

Mundan ozal, duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Maryda keselhana barman, öýünde bejergi alýan näsaglara häkimiýetler tarapyndan jerime salynýandygy barada habar berdi.

Şeýle-de, 10-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki bir çeşmesi Mary welaýatynda koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň agyrlaşýandygyny habar beripdi.

“Düýn (11-nji awgust) welaýat häkimliginde adatdan daşary ýygnak geçirildi. Oňa etrap häkimleri, welaýat saglygy saklaýyş bölümi, welaýat bilim bölümi we döwlet edara-kärhanalarynyň ähli ýolbaşçylary gatnaşdy. Ýygnak günüň ikinji ýarymynda, sagat 14:00 töwereklerinde geçirildi. Ýygnakda welaýatyň epidemiýa bilen bagly iň agyr döwri başdan geçirýändigi we wirusyň [ýaýramagyny haýallatmak boýunça çäreler] maslahat edildi” diýip, welaýat administrasiýasyndaky bir çeşme atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysyna gürrüň berdi.

Ýygnakda güýç edaralaryna welaýatyň çäginde toý we ýas çärelerini gözegçilikde saklamak, toý çärelerini ýatyrmak we ony geçirýän adamlara jerime salmak tabşyryldy.

 

“Organ edaralaryna çäre görmek, toý çärelerini öňünden ýatyrmak, ýas çärelerine mümkin boldugyndan az adam gatnaşdyrmak buýruk berildi. Hemmesi gözegçilikde bolmaly. Welaýat saglygy saklaýyş bölüminden maşgala lukmanlarynyň adamlar bilen has köp işleşmegi talap edildi. Lukmanlar hökmany suratda her gün öz uçastoklaryna aýlanmaly we adamlaryň saglyk ýagdaýyny barlamaly” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Ýygnakda resmiler hususy edaralara öz hasaplaryna halka mugt maska paýlamagy tabşyrypdyr. “Ýöne bu häzir diňe dilden aýdylýar, iş ýüzünde mugt zat ýok, maskalary satyn almaly” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, döwlet edara ýolbaşçylaryna 40 ýaşdan ýokary işgärlerini tölegsiz rugsada goýbermek buýruk berildi.

Şol bir wagtyň özünde, Mary welaýatynyň administratiw merkezinde we Baýramaly şäherinde häkimiýetler adamlardan maska geýmek talabyny güýçlendirýärler.

“Şu gün şäherde maskasyz ýören adamlary awtobusa mündürip, şäher polisiýa bölümine alyp gidýärler” diýip, habarçy habar berdi.

Baýramalyda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri bilen bilelikde ýollarda sürüjileriň maskalaryny barlaýar.

“Eger-de sürüjileriň maskalary ýok bolsa, ol adamyň jemgyýete howp salýandygy we kesel ýaýradýandygy barada protokol doldurýarlar hem-de öňküsi ýaly olara jerime salýarlar. Jerimäniň tölegi 60 manat” diýip, baýramalyly habarçy aýtdy. “Onuň üstüne 15 manat blanka üçin hem tölemeli” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Habarçy Mary welaýatynyň çäginde häzirki wagtda koronawirus näsaglary üçin Ýolötende, Mary şäheriniň özünde we Mary GRES şäherçesinde hem-de “Melhem” sanatoriýasynda dört sany merkeziň açylandygyny habar berdi.

Ol “Melhem” sanatoriýasynda bejergi alýan näsaglaryň çykdajylary we ol ýerdäki şertler barada maglumat berdi:

“Bir tanşymyň gyzy koronawirus keseli bilen Mary şäherinde ýerleşýän “Melhem” sanatoriýasyna ýerleşdirildi. Ol ähli dermanlary öz hasabyna satyn alýar. Dermanlar örän gymmat. Ol bir hepde bäri keselhanada. Ilki reanimasiýadady, häzir onuň ýagdaýy gowulaşýar. Onuň saglygyny bejermek üçin 8,000 manatdan gowrak çykdajy etdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, “Melhem” sanatoriýasynda näsaglar biri-birinden üzňelikde saklanýar we sanatoriýanyň iýmit üpjünçiligi “Täze aý” firmasy tarapyndan ýola goýulýar.

Baýramalyly habarçy şäherde derman bahalarynyň göterilendigini, şol bir wagtyň özünde maska üçin zerur bolan rezinleriň bahasynyň 1 manatdan 6 manada, hasalaryň bahasynyň 3 manatdan 10 manada çykandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus keselini resmi taýdan aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал, как город помогает москвичам получать востребованные професс


Спорт в России и мире
Москва

В хоккейном ЦСКА сменился главный тренер


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Российская теннисистка Калинская покинула WTA-1000 из-за проблем со здоровьем


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о строительстве очистных сооружений на побережье Азовского моря





Путин в России и мире
Москва

Путин оценил перспективы строительства ВСМ Москва — Санкт-Петербург


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

«С какой целью вы пришли почтить память? Он вам родственник?» В Москве осудили девушку, которая пришла возложить цветы в память о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Егор Крид

В Москве суд отклонил требование общественника Морозова закрыть YouTube-канал Егора Крида



Москва

Пастыря из Хабаровского края -похитителя ребенка американцы выдали России

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net