Özbek, täjik migrant işçileri Günorta Gazagystanda galýarlar
“Žibek žoly” (Ýüpek ýoly) barlag nokadynda galanlaryň köpüsi çäklendiriji çäreleri zerarly Gazagystanda işini ýitiren işçi migrantlardyr.
Olaryň käbiri Özbegistanyň bir hepdeden gowrak wagt bäri serhet geçelgesini açmagyna garaşýandyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar we açyk meýdanda galmalydyklaryny, gündizlerine howanyň yssydygyny, gijelerine bolsa sowukdygyny gürrüň berdiler.
Täjigistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň täjik raýatlaryny ýerleşdirmek üçin bu ýerde gurlan dört sany uly çadyryň golaýynda duran wekili bu mesele barada maglumat bermekden saklandy.
Bu ýerde Özbegistan ilçihanasynyň işgäri Bahtiýor Kamalow hem bardy. Ol häkimiýetleriň serhedi açmaýandygyny, sebäbi Özbegistana Gazagystandan giren köp adamyň ýurduň içinde karantinde galandygyny aýtdy. Kamalow serhetde galan 1500 töweregi özbek raýatynyň ýakyn wagtda Özbegistana geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
