Hytaý dört günlük aşaklamadan soň wirus ýokuşan täze adamlary hasaba aldy
Dünýäde koronawirus pandemiýasyndan has köp adamyň pida bolmagynyň fonunda, Hytaý dört günlük aşaklamadan soň, 31-nji martda wirus ýokuşan adamlaryň sanynyň artandygyny habar berýär.
Bu wirus ilkinji gezek geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda hasaba alnypdy. Hytaý koronawirus bilen kesellän täze adamlaryň ählisiniň bu wirusy daşardan ýurda getirendigini aýtdy.
Bu aralykda, 330 milliona golaý ilatly Birleşen Ştatlarda koronawirus bilen kesellänleriň sany 164 müň adamdan aşdy.
Hytaýyň Milli saglyk komissiýasynyň beýanatyna görä, 31-nji martda wirus ýokuşan täze 48 adam hasaba alyndy. Olar daşary ýurtlardan Hytaýa baran syýahatçylardyr.
Şeýle-de, komissiýa bu wirusdan başga-da bir adamyň ölendigini habar berdi. Bu waka wirusyň ilkinji gezek peýda bolan ýeri Hubeý welaýatynda we onuň paýtagty Wuhan şäherinde koronawirusdan kesellän täze adamlaryň hasaba alynmandygy barada habar berlen mahalyna gabat geldi.
Ekspertler, Hytaýda ýerli media berk senzura astynda saklanýan we daşary ýurt metbugat serişdeleriniň ýurda girmegi çäklendirilen mahaly, Pekiniň öňe sürmelerine şübheli garaýarlar.