123ru.net
World News in Turkmen

ABŞ-nyň Kongresiniň iki agzasy Orbana goşmaça ygtyýarlyklaryň berilmegini tankyt etdi

023
ABŞ-nyň Kongresiniň iki agzasy Orbana goşmaça ygtyýarlyklaryň berilmegini tankyt etdi

Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň iki agzasy Wengriýadaky täze kanunçylygy ýazgardy. Bu kanun Wengriýanyň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin adatdan daşary ýagdaý şertlerinde sagçy premýer-ministr Wiktor Orbana goşmaça ygtyýarlyklary berýär.

Kongresmen Eliot Engel we senator Jim Risch NATO-nyň ýarany we Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Wengriýanyň, Engeliň sözüne görä, “häkimiýetiň aýylganç derejede ele alynmagyny” durmuşa geçirmegi has ynjalyksyz edýär diýdiler. Şeýle-de, olar bu “karar arkaly Orbanyň ýurdy diktator ýaly dolandyrmagyna” rugsat berilýändigini hem bellediler.

Engel Wengriýanyň premýer-ministriniň ýurtda näbelli möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edilen mahaly berlen täze ygtyýarlyklaryna salgylanyp, “Orbanyň öz raýatlarynyň çekýän azabyny şahsy bähbitleri üçin ulanmaga synanyşmagy ... has-da aýylgançdyr” diýdi. 

“Demokratiýa şeýle çynlakaý derejede garşy durmak islendik ýerde, hususan-da NATO ýaranynyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasynyň içinde bihaýalykdyr” diýip, Engel 30-njy martda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

"Men premýer-ministr Orbany bu tagalladan ýüz öwürmäge we Wengriýanyň halkynyň howpsuzlygyny ileri tutýan COVID-a garşy çärelere üns bermäge çagyrýaryn" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Комментарии для сайта Cackle
123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.